18 Sentýabr, 2026 19:05 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Zähmeti goramak boýunça okuw maslahat geçirildi
20.08.2026 Çäk birleşmeler

Zähmeti goramak boýunça okuw maslahat geçirildi

Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň we Arkadag şäheriniň häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Jemagat hojalygy müdirliginiň ýöriteleşdirilen awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda «Zähmeti goramagyň düzgünleri» diýen at bilen okuw maslahaty geçirildi.

Arkadag şäherinde jemagat hojalygy işgärleriniň howpsuz zähmet şertlerinde işlemegi, şeýle hem ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçirilen okuw maslahatynyň barşynda çykyş eden hünärmenler döwletimiziň zähmet kanunçylygynyň talaplarynyň, tehniki howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişi we sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerine gyşarnyksyz eýermeleriniň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.

Munuň özi ýurdumyzda "Döwlet adam üçindir!" diýen belent ýörelgäniň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň we her bir raýatyň howpsuz, amatly şertlerde zähmet çekmegi ugrunda amala aşyrylýan döwlet derejesindäki işleriň aýdyň subutnamasydyr. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar özlerine döredilýän şeýle mümkinçilikler, döwrebap tehnikalar we yzygiderli bildirilýän aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar we geljekde hem öz zähmet borçlaryny has-da jogapkärçilikli berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.

 

Mekan Şalarow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň tehniki gözegçisi.

Degişli Habarlar