Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynda “Bilim – bagtyýarlygyň binýady” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik ýazgy edildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi hem-de şäheriň bilim müdirligi tarapyndan guralan bu çäre Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren taryhy umumy sapagynyň ähmiýetine bagyşlandy. Düýpli ylym-bilimiň durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýandygy we ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň nesihatlarynyň iň uly gollanmadygy baradaky gürrüňler bu çäräniň baş ýörelgesine öwrüldi. Duşuşyga gatnaşan hünärmenler öz çykyşlarynda Arkadag şäherinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän giň mümkinçiliklere, şeýle-de şol taryhy umumy sapakda öňde goýlan belent wezipelere aýratyn ünsi çekdiler. Milli gymmatlyklary, watansöýüjiligi we zähmetsöýerligi dabaralandyran bu täsirli söhbetdeşlik “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Begenç Baýramow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.