Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli pulumyzyň – Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu şanly sene mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň maliýe we bank toplumynyň binasynda «Türkmen manady – ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Baýramçylyk dabarasyna Arkadag şäheriniň bank ulgamynyň hünärmenleri, Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary gatnaşyp, öz çykyşlarynda milli pulumyzyň döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde, maliýe durnuklylygyny üpjün etmekde we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin durup geçdiler.
Bu taryhy wakanyň ähmiýetini dabaralandyran çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, milli pulumyzy we mukaddes Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Ogulnar Baýramowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.