Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň sagdyn, berk-bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap pikirlenip bilýän, ruhubelent, ýokary ahlakly Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, adam söwdasynyň, nika bozulmalaryň we öz janyna kast etmek ýaly hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän milli we halkara derejesindäki medeni - köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, seýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen Arkadag şäheriniň edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi bolsa, kalby hyjuwly, maksada okgunly we watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredýän bimöçber tagallalary, uly mümkinçilikleri, ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde kämil sowatly bolmaklary, olaryň öz saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine üçin uly aladalar edilýär. Şoňa görä-de bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni il-halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülbahar Meredowa,