Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň täze sepgitlerine ynamly gadam basýar. Ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň baş nyşanlarynyň biri bolan milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegine şu ýyl 33 ýyl dolýar. Milli pul birligimiz diňe bir ykdysady gural bolman, eýsem, eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň we milli gymmatlyklarymyzyň dabaralanmagynyň kepiline öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge milli ykdysadyýetimiziň özenini düzýär. Şu geçen döwür içinde Türkmenistan diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýäniň hem iň çalt ösýän durnukly ykdysadyýetli döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleriniň, aýratyn-da, ägirt uly uglewodorod gorlarynyň halkyň we döwletiň bähbidine netijeli ulanylmagy, senagatlaşdyrmak hem-de sanlylaşdyrmak strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň kuwwatly ykdysady binýadyny emele getirdi.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň şan-şöhratynda we sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynda özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Bu ägirt uly taslamalar we ýetilýän belent sepgitler Türkmenistanyň ykdysady taýdan garaşsyz, özygtyýarly we geljege uly ynam bilen seredýän kuwwatly döwletdigini bütin dünýä subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan her bir ykdysady üstünlik, gurlup ulanmaga berilýän her bir desga bizi mukaddes Watanymyzyň beýik geljegine has-da uly ynam döredýär we kalbymyzda çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar.
Mukaddes Watanymyzy durnukly ösüşleriň we rowaçlyklaryň ak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady binýadynyň berkemeginde, milli manadymyzyň gymmatynyň has-da dabaralanmagynda we ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda taryhy işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Begenç Baýramow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.