Halkymyzyň köpasyrlyk taryhy-medeni mirasynyň we milli gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynyň döwrebap binasynda «Türkmeniň buýsanjy alabaýdyr, parahat Watanyň at-abraýydyr» atly aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik ýazgy edildi. «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu çärede çykyş edenler, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we asyrlar boýy adamyň iň ýakyn hemrasy, goragçysy hem-de dostlugyň wepadarlyk nusgasy bolup gelen genji-hazynamyzyň kämil tohum aýratynlyklaryny hem-de Türkmen alabaýlarynyň durmuşymyzda tutýan ornuny täsirli gürrüňler, döwrebap aýdym-sazlar bilen utgaşdyryp, giňden açyp görkezdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasyň aýrylmaz gymmatlygy bolan tohum itleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň gan arassalygyny gorap saklamak hem-de bu ugurdaky itşynaslyk däplerini ylmy esasda öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmen alabaýy" atly ajaýyp eseri bu ugurda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär, şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Gülbahar Meredowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.