18 Sentýabr, 2026 17:01 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Zähmet goraglylygy döwrüň talabyna laýyk kämilleş…
Zähmet goraglylygy döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilýär
26.08.2026 Çäk birleşmeler

Zähmet goraglylygy döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilýär

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişini we işgärleriň durmuş goraglylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen netijeli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hünärmenleri tarapyndan ilkinji guramalarda meýilnamalaýyn işler işjeň alnyp barylýar.

Bu çäreleriň çäginde hünärmenler tarapyndan ähli resmi iş kagyzlarynyň dolanyşygyna, maliýe-hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna, şeýle hem işleriň at ýazgylarynyň we indeksleriniň dogry ýöredilişine seljerme işleri geçirilýär hem-de ýerlerde zerur bolan usuly kömekler berilýär. Esasy üns önümçilikde döwrebap we howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegine, edara-kärhanalarda köpçülikleýin şertnamalaryň öz wagtynda baglaşylmagyna hem-de taraplaryň kabul eden borçnamalarynyň takyk ýerine ýetirilişine gönükdirilýär.

Arkadag şäheriniň zähmet gurşawynda dabaralanýan bu wezipeler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan raýatlaryň zähmet hukuklaryny goramak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň miwesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda iň döwrebap tehnologiýalar hem-de amatly zähmet şertleri bilen üpjün edilen Arkadag şäheri, zähmet adamsyna bolan belent hormatyň we sarpanyň ajaýyp nusgasy hökmünde dabaralanýar.

 

Süleýmanguly Aşyrow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.

Degişli Habarlar