Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň sentýabr aýynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, ak mermerli Arkadag şäherinde hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Bu ähmiýetli çäräniň çäklerinde Arkadag şäheriniň bilim edaralarynda okaýan ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmak, köçe-ýol düzgünlerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de şäheriň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu duşuşyklar akylly şäheriň ýaş nesilleriniň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär.
Bilim edaralarynda geçirilen täsirli duşuşyklarda çykyş eden degişli gulluklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýaşlara we çagalara köçelerde hem-de ýollarda özüňi alyp barmagyň esasy kadalaryny, pyýada geçelgelerinden dogry peýdalanmagyň düzgünlerini we ýol belgileriniň manysyny gürrüňdeşlikler, şeýle hem ýörite gurnalan görkezme meýdançalardaky oýunlar arkaly gyzykly görnüşde düşündirýärler. Şeýle hem çäreleriň dowamynda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap Arkadag şäheriniň ýol-ulag düzüminden we tizlik kadalaryndan dogry peýdalanmagyň, jemgyýetçilik tertibini saklamagyň adam ömrüni we saglygyny goramakdaky uly ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Geçirilýän bu yzygiderli wagyz-nesihat işleri geljegimiz bolan ýaşlaryň we körpeleriň hukuk medeniýetini hem-de jogapkärçilik duýgusyny berkidip, ýollarda tertip-düzgüniň bökdençsiz üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Duşuşyklaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň bagtyýar we howpsuz durmuşda ýaşamagy, kämil bilim almagy ugrunda çäksiz aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Serdar Berenow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hukuk gözegçisi.