14 Oktýabr, 2026 19:42 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Türkmen wekilleri Minskde geçirilen halkara masla…
Türkmen wekilleri Minskde geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar.
14.10.2026 Çäk birleşmeler

Türkmen wekilleri Minskde geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar.

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 12-den 15-i aralygynda Belarus Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň gurnamagynda geçirilen “Sanly tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy şertlerinde zähmet bazarynyň adalatly özgertmeleri” atly halkara maslahaty häzirki zaman dünýäsiniň iň möhüm meseleleriniň biri bolan sanlylaşdyrmagyň zähmetkeşleriň hukuklaryna edýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bu halkara maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň hem gatnaşmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyna daýanyp, zähmet bazaryny özgertmek hem-de sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak şertlerinde işgärleriň durmuş-hukuk goraglylygyny üpjün etmek boýunça degişli işleri amala aşyrýar. Minsk şäherinde geçirilen maslahatyň dowamynda türkmen wekilleri dünýäde sanly ykdysadyýete geçilýän döwürde täze döredilýän iş orunlarynda döwrebap zähmet şertleriniň üpjün edilişi, kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilişi we bu ugurda durmuş hyzmatdaşlygynyň halkara standartlaryna laýyklykda alnyp barlyşy barada tejribe alyşdylar.

 

Çärede bellenilip geçilişi ýaly, halkara derejesindäki şeýle hyzmatdaşlyklar dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge we milli zähmet bazarynyň durnukly ösüşini halkara talaplar esasynda berkitmäge ýardam edýär.

 

Annamyrat Ýollyýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygy.

Degişli Habarlar