Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda, şäheriň Bagt köşgünde «Garaşsyzlyk – parahat ýurduň mizemez buýsanjy» atly aýdym-sazly sergili dabaraly duşuşyk maslahaty guraldy. Ýurduň baş baýramyna bagyşlanan bu çäre medeniýet we sungat işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçdi.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Aýdyň ýollar» çeper höwesjeňler toparynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Sungat ussatlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyryp, oňa gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik döretdi. Duşuşygyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmakda, ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Gözel pursatlara baý bolan bu dabaraly çäre «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Ogulnar Baýramowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.