9 Oktýabr, 2026 16:24 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Halkyň saglygy – döwletiň baş baýlygy
09.10.2026 Çäk birleşmeler

Halkyň saglygy – döwletiň baş baýlygy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde «Halkyň saglygy – döwletiň baş baýlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleri aýdyň görkezýän bu çäre saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň durmuşyndaky ähmiýetli waka öwrüldi.

 

Dabaraly maslahatda saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri, mugallymlar we talyplar çykyş edip, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, ilatyň saglygyny berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetde giňden ornaşdyrmakda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerine aýratyn ünsi çekdiler. Esasan hem, akylly şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, halkara ülňülere laýyk gelýän hassahanalaryň we derman senagaty kärhanalarynyň döredilmegi, raýatlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet derejesinde iň ýokary derejä göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýlip bellenildi.

 

Çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar ynsan saglygyny goramak we saglygy goraýyş pudagyny düýpli ösdürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada edýän yzygiderli aladalary üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Süleýmanguly Aşyrow,

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.

Degişli Habarlar