Arkadag şäherinde mekdep okuwçy gyzlarynyň arasynda «Hünärli nesil – röwşen geljek» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan bu çäre ýaş nesliň zehinini, ukybyny we hünär başarnyklaryny ýüze çykarmakda aýratyn orun eýeledi.
Gözel şäherimizde guralan bu bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan etmeginde 9 – 11-nji synplarda okaýan mekdep okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirildi.
Çäräniň dowamynda gyzlar özleriniň gözellik, hünär hem-de edep-ekram baradaky ukyp-başarnyklaryny görkezip, özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň ahyrynda has tapawutlanan we ýeňiji bolan okuwçy gyzlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň adyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gülbahar Meredowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.