10 Awgust, 2026 07:41 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Şanly senelere bagyşlanan söhbetli gepleşik
Şanly senelere bagyşlanan söhbetli gepleşik
05.08.2026 Çäk birleşmeler

Şanly senelere bagyşlanan söhbetli gepleşik

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işlerini giň halk köpçüligine ýetirmek, düşündirmek we wagyz-nesihat etmek maksady bilen, şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň zenanlar guramasynyň hem-de Arkadag şäheriniň maliýe we bank toplumynyň bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik ýazgy edildi.

«Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu täsirli gepleşige şäheriň maliýe-bank ulgamynyň we beýleki edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleri işjeň gatnaşyp, onda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler, döwlet dolandyryşynda demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada giňişleýin söhbet etdiler.

Täsirli geçen tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşige gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyny we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylajakdyklaryna ynandyrdylar.

 

Gülnabat Myradowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.