Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň bilim ulgamy durnukly ösüşleri başdan geçirýär we ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek işi täze belentliklere göterilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde talyplar we mekdep okuwçylary bilen geçiren taryhy umumy okuw sapagy bütin ýurdumyzda uly joşgun we ruhubelentlik döretdi. Milli Liderimiziň şol nusgalyk sapagynyň many-mazmunyny we watansöýüjilik sargytlaryny talyp ýaşlaryň arasynda giňden düşündirmek maksady bilen, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde möhüm ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu çäre, geljekki saglygy goraýyş işgärleri bolan talyp ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrdy.
Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda beýan edilen peder pentleriniň, milli mirasa, taryha we mukaddes Garaşsyzlygymyza goýulýan sarpanyň ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadygyny aýratyn nygtadylar. Çärede Milli Liderimiziň mugallymçylyk ussatlygyna, onuň pederleri Berdimuhamet Annaýewiň we Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgawy ömür ýollaryna esaslanýan asylly terbiýe mekdebine uly orun berildi. Şeýle hem ýygnananlar umumy sapakda öňe sürlen sanly ulgamy ýerlikli peýdalanmak, «Akylly jemgyýet» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we innowasion tehnologiýalary özleşdirmek baradaky gymmatly maslahatlaryň geljekki lukmançylyk hünärmenleri üçin gollanma bolup hyzmat etmelidigini bellediler. Talyp ýaşlar öz gezeginde döredilýän şeýle döwrebap bilim şertleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödemek we kämil hünärmenler bolup ýetişmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn we kämil dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Begenç Baýramow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.