Şu gün Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmeniň milli keşdeçilik sungatyny we alajany işmegiň görnüşlerini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik guraldy. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu gepleşik «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Dünyä medeniyetiniň genji-hazynasyna öwrülen milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyran bu duşuşyga çeper elli zenanlar hem-de durmuş tejribesi baý bolan kümüş saçly mährem ene gatnaşyp, olar ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň, nepis keşdeçilik sungatynyň hem-de gadymy alaja işmek däpleriniň inçe syrlary barada giňişleýin söhbet etdiler.
Gepleşige gatnaşyjylar halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan el hünärini ösdürmäge, ene-mamalarymyzyň ýörelgelerini sarpalamaga döredip berýän ähli ajaýyp şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlaryny hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler.
Jennet Geldiýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň maliýe - ykdysady bölüminiň esasy hünärmeni - buhgalteri.