Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz» atly dabaraly duşuşyk-maslahaty geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde gurnamagymda guralan bu çärä kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
"Arkadag" teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hem-de durmuş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, amala aşyrylýan beýik özgertmeler barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Çärä gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän döwletli tutumlar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdiler.
Gülnabat Myradowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.