Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan bilelikde guralan «Halal zähmet – bagtyýar durmuşyň kepili» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bu çäre ata-babalarymyzdan miras galan halallyk, halal zähmet, halal çörek we halal ýaşamak baradaky asylly ýörelgeleri ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy. Duşuşykda çykyş edenler milli terbiýäniň, halal ýaşamalydygy baradaky nesihatlaryň her bir ynsanyň kämilleşmeginde we bagtyýar durmuşda ýaşamagynda uly orun tutýandygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen milli gymmatlyklarynyň ähmiýetine, halal zähmetiň ynsan durmuşyna getirýän abraýyna we bagtyna ünsi çekdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda halal zähmet çekmek, okamak, döretmek we bolelin durmuşda ýaşamak üçin döredilip berilýän yzygiderli mümkinçilikler we giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ogulnar Baýramowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.