18 Sentýabr, 2026 17:14 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Geňeşli iliň döwletli ýoly
19.08.2026 Çäk birleşmeler

Geňeşli iliň döwletli ýoly

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Geňeşli iliň döwletli ýoly» diýen at bilen maslahat geçirildi. Bu çäre 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini düşündürmäge, onda kabul edilen çözgütleri we öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de giňden wagyz etmäge bagyşlandy.

Çäräniň dowamynda «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýörite söhbetli gepleşik hem ýazgy edildi. Döwrebap binada geçirilen bu maslahat hem-de söhbetdeşlik Gahryman Arkadagymyzyň saýlap alan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän milli ösüş ýolunyň halkymyz tarapyndan gyzgyn goldanylýandygynyň şeýle hem öňde goýlan beýik maksatlara tarap ynamly öňe alynyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

 

Begenç Baýramow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.

Degişli Habarlar