Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 5-nji awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu taryhy çäräniň ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň we Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň guramagynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň gymmatlygy» atly söhbetli gepleşik ýazgy edildi.
«Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanylan bu gepleşige gatnaşyjylar ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň geljekki nesilleriň sagdyn ösmegindäki orny bellenilip geçildi. Bu resminama çaga lukmançylygyny ösdürmäge, anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny berkitmäge berk amaly hem-de hukuk binýadyny döredýär. Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eneler hem-de ösüp gelýän ýaş nesil barada çäksiz alada edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulnar Baýramowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.