6 Noýabr, 2026 20:34 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Milli merkez / MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIK…
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SEBITARA FORUMY GEÇIRILDI
05.11.2026 Milli merkez

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SEBITARA FORUMY GEÇIRILDI

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sebitara forum geçirildi

 

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlangyjy bilen guralan bu forum sebit ýurtlarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, zähmetkeşleriň hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramak, mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek, durmuş durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de halkara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine bagyşlandy.

Forumyň işine Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň milli kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Halkara Zähmet Guramasynyň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara Konfederasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň resmi açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň ýolbaşçysy Sergius Glowaskas hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara Konfederasiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Anton Leppik çykyş etdiler.

Çykyşlarda sebitde zähmet gatnaşyklaryny ösdürmegiň, işgärleriň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny pugtalandyrmagyň hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetine üns çekildi.

Forumyň esasy plenar mejlisi «Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda durmuş durnuklylygyny we mynasyp zähmeti üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly mowzuga bagyşlandy. Mejlisi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Kadyr Amandurdyýew alyp bardy.

Plenar mejlisde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Kadyr Amandurdyýew, Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň ýolbaşçysy Sergius Glowaskas, Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Gulnara Jumageldiýewa, Gyrgyz Respublikasynyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Kaarmanbek Baýdawletow, Azerbaýjan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Leýla Fathi-Hoşginabi, Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň gözegçilik-derňew toparynyň başlygy Dilmurod Dawlatzoda hem-de Özbegistan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň işgärleriň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň müdiri Mahmudjon Isaýew çykyş etdiler.

Çykyşlarda sebit ýurtlarynda zähmetkeşleriň hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramak, mynasyp zähmet şertlerini döretmek, durmuş durnuklylygyny üpjün etmek hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem zähmet gatnaşyklarynda durmuş hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti, işgärler bilen iş berijileriň arasynda özara düşünişmegi we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, zähmetkeşleriň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeler barada pikir alşyldy. Gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň bu ugurda toplan tejribelerini paýlaşyp, sebit derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Forumyň dowamynda öňe sürlen pikirler we teklipler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda özara tejribe alyşmagyň, umumy maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we zähmet gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki garaýyşlary kemala getirmegiň ähmiýetini ýüze çykardy.

Forumyň jemleýji bölüminde Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň ýolbaşçysy Sergius Glowaskas hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Kadyr Amandurdyýew çykyş edip, çäräniň işine jem jemlediler. Şeýlelikde, forum öz işini üstünlikli tamamlady.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň sebit we halkara derejede kärdeşler arkalaşyklary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle duşuşyklar zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, durmuş hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek hem-de sebitde durmuş durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, sebit ýurtlarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri bu forumda hem öz beýanyny tapdy.

 

Degişli Habarlar