29 Oktýabr, 2026 20:05 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Milli merkez / Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşyk g…
Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
28.10.2026 Milli merkez

Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde zähmet meseleleri boýunça myhmançylyk sapary bilen Aşgabat şäherinde bolýan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet meseleleri boýunça Tehniki goldaw toparynyň we Sebitleýin edarasynyň iş bilen üpjünçilik meseleleri boýunça baş hünärmeni jenap Kazutoşi Çatani bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri we HZG-niň taslama toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iş bilen üpjünçilik we zähmet gatnaşyklary ulgamynyň häzirki meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Işgärleriň zähmet hukuklaryny we bähbitlerini goramak, adalatly işe kabul etmek tejribesini ilerletmek hem-de durmuş gepleşiklerini berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar HZG bilen durmuş hyzmatdaşlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, zähmet we iş bilen üpjünçilik ulgamlarynda tejribe we öňdebaryjy iş usullary bilen alyşmagyň wajypdygyny bellediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmäge we durmuş hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.

 

Mekan ÖWEZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça hukuk gözegçisi

Degişli Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI MERKEZINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBIT DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
24.10.2026

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI MERKEZINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBIT DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde Milli merkeziň başlygy Oguljennet Berdiliýewa bilen …

UNOPS-YŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
21.10.2026

UNOPS-YŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň …

TÜRKMENISTANDA MYNASYP ZÄHMETI ILERLETMEK WE ÇAGA HEM-DE MEJBURY ZÄHMETIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA TASLAMANYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
20.10.2026

TÜRKMENISTANDA MYNASYP ZÄHMETI ILERLETMEK WE ÇAGA HEM-DE MEJBURY ZÄHMETIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA TASLAMANYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa Bileleşiginiň …

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ WEKILIÝETI HYTAÝDA GEÇIRILEN HALKARA SEMINARA GATNAŞDY
14.10.2026

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ WEKILIÝETI HYTAÝDA GEÇIRILEN HALKARA SEMINARA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszyan-Uýgur awtonom raýonynyň Urumçi şäherinde geçirilen …

2026-NJY ÝYLYŇ 11-NJI SENTÝABRYNDA GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PAÝTAGTY ASTANA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ RESMI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
12.09.2026

2026-NJY ÝYLYŇ 11-NJI SENTÝABRYNDA GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PAÝTAGTY ASTANA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ RESMI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennat Berdiliýewa Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň başlygy Satybaldy …