24 Oktýabr, 2026 18:05 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Milli merkez / TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI M…
TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI MERKEZINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBIT DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
24.10.2026 Milli merkez

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI MERKEZINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBIT DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde Milli merkeziň başlygy Oguljennet Berdiliýewa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter wan Roýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem onuň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen HZG-niň Işçiler bilen işlemek boýunça býurosynyň (ACTRAV) arasynda 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen bilelikdäki çäreler meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem 2026–2027-nji ýyllar üçin geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns berildi.

2026-njy ýylyň 4-5-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere, ýagny «Halkara zähmet kadalaryny we durnukly ösüşi ilerletmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň Sebit forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn garaldy.

Taraplar öňde boljak bu çäreleriň sebit derejesinde kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durmuş dialogyny ösdürmekde, tejribe alyşmakda we halkara zähmet kadalaryny ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Duşuşyk zähmetkeşleriň zähmet hukuklaryny goramak we mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Degişli Habarlar