6 Noýabr, 2026 21:02 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Milli merkez / HALKARA ZÄHMET HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI …
HALKARA ZÄHMET HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
04.11.2026 Milli merkez

HALKARA ZÄHMET HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Aşgabatda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň bilelikde guramagynda geçirilen halkara maslahat zähmetkeşleriň hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramak, halkara zähmet standartlaryny ilerletmek, mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlandy.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Halkara Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň, daşary ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň resmi açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annаmuhammet Sarjaýew, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow, Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Sergeýus Glowaskas, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jalpa Ratna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Hudaýberdi Hangeldiýew çykyş etdiler.

Çykyşlarda halkara zähmet hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, zähmetkeşleriň hukuklaryny goramagyň, durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň we kärdeşler arkalaşyklarynyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada pikirler beýan edildi. Şeýle hem bu ugurda halkara guramalar bilen özara tejribe alyşmagyň we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Maslahatyň ýokary derejeli mejlisi «Durnukly ösüşi we durmuş durnuklylygyny üpjün etmegiň guraly hökmünde durmuş gepleşikleri» atly mowzuga bagyşlandy. Halkara Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Anton Leppik, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň başlygy Sahib Mämmedow, Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Gulnara Jumageldiýewa, Türkiýäniň HAK-İŞ kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygynyň orunbasary Dewlet Sert, Gruziýanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň baş sekretary Irakli Petriaşwili hem-de Mongoliýanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň baş sekretary Otgontungalag Tsewel çykyş etdiler.

Çykyşlarda zähmet gatnaşyklarynda durmuş gepleşikleriniň ähmiýeti, iş berijiler bilen işgärleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, zähmetkeşleriň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahat öz işini üç bölümçede dowam etdirdi. «Mynasyp zähmeti we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň häzirki zaman orny», «Halkara zähmet standartlary durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň binýady hökmünde» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly bölümçelerde zähmet gatnaşyklarynyň häzirki zaman meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birinji bölümçede kärdeşler arkalaşyklarynyň mynasyp zähmeti we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekdäki orny, işgärleriň hukuklaryny goramak hem-de durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Ikinji bölümçede halkara zähmet standartlarynyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň binýady hökmündäki ähmiýeti, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň we mynasyp zähmet şertlerini döretmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Üçünji bölümçede bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipeleri we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Bölümçeleriň işinde dürli ýurtlardan gelen wekiller öz tejribeleri bilen paýlaşyp, halkara zähmet kadalarynyň ähmiýetine, durmuş gepleşiklerini ösdürmegiň gurallaryna, zähmetkeşleriň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge we kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmäge degişli çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda geçirilen pikir alyşmalar halkara zähmet standartlaryny ilerletmekde, durmuş gepleşiklerini ösdürmekde we zähmet gatnaşyklarynyň ähli taraplarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň möhüm ornuny ýene bir gezek ýüze çykardy.

Maslahatyň jemleýji bölüminde Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň wekili Sergeýus Glowaskas hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygynyň orunbasary Kadyr Amandurdyýew çykyş edip, halkara duşuşygyň işine jem jemlediler.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy we beýleki halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, şeýle hem zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak boýunça halkara tejribäni öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Bu halkara duşuşyk dürli ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga hem-de zähmet gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyşlary kemala getirmäge ýardam etdi.

Türkmenistanyň halkara zähmet hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, durmuş hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallaryny ösdürmäge we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary şeýle halkara çärelerde öz beýanyny tapýar.

 

Degişli Habarlar