22 Oktýabr, 2026 16:56 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Milli merkez / TÜRKMENISTANDA MYNASYP ZÄHMETI ILERLETMEK WE ÇAGA…
TÜRKMENISTANDA MYNASYP ZÄHMETI ILERLETMEK WE ÇAGA HEM-DE MEJBURY ZÄHMETIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA TASLAMANYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
20.10.2026 Milli merkez

TÜRKMENISTANDA MYNASYP ZÄHMETI ILERLETMEK WE ÇAGA HEM-DE MEJBURY ZÄHMETIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA TASLAMANYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda mynasyp zähmeti ilerletmek we çaga hem-de mejbury zähmetiň öňüni almak» atly taslamasynyň Dolandyryş komitetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taslamanyň maksatlary, garaşylýan netijeleri, iş meýilnamasy we amala aşyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekili tomus döwründe ýurduň etraplarynda çaga we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça geçirilen iş saparlary, şeýle hem ilatyň arasynda alnyp barlan maglumat beriş we düşündiriş işleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň netijeleri mynasyp zähmeti ilerletmek, çaga we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça milli hyzmatdaşlaryň we halkara guramalaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy we utgaşdyrylyşygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Mekan Öwezow, TKAMM-yň hukukçysy

Degişli Habarlar