2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň (UNOPS) taslama menejeri Wasili Tolkaçýow bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen UNOPS tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada raýat jemgyýetçiligini goldamak boýunça ÝB gaznasy» taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
2024–2028-nji ýyllar üçin niýetlenen bu taslama sebit ösüşiniň howanyň üýtgemegi, sanlylaşdyrma, ýaşlaryň gatnaşygyny giňeltmek, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we çözmäge raýat jemgyýetçiliginiň guramalarynyň gatnaşygyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Bu başlangyjyň möhüm ugurlarynyň biri jemgyýetçilik guramalarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan, hyzmatdaşlygy ösdürmekden we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmekden ybaratdyr. Taslama, şol sanda mümkinçilikleri ösdürmek babatda, Daniýanyň Adam hukuklary instituty tarapyndan tehniki goldaw berilýär.
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz alyp barýan işleri, işiniň esasy ugurlary we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşantlary barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Kadyr Amandurdyýew myhmany kärdeşler arkalaşyklary hereketiniň gurluşy we işi bilen tanyşdyryp, kärdeşler arkalaşyklarynyň bir milliondan gowrak agzany birleşdirýän ýurduň iň iri jemgyýetçilik guramasydygyny belledi.
Duşuşykda kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny goramakdaky, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki, jemgyýetçilik dialogyny pugtalandyrmakdaky hem-de raýat jemgyýetçiliginiň ýörelgelerini öňe sürmekdäki ornuna aýratyn üns berildi.
Duşuşyk jemgyýetçilik guramalarynyň jemgyýet üçin möhüm bolan meseleleri çözmekdäki ähmiýeti we sebit başlangyçlarynyň çäklerinde geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak üçin şert döretdi.
Şeýle duşuşyklar özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, hünär tejribesi bilen alyşmagy giňeltmäge we milli hyzmatdaşlar bilen halkara guramalarynyň arasynda özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.