15 Awgust, 2026 09:44 Telefon belgi: +993(12) 57-18-20
TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan söhbetli ge…
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan söhbetli gepleşik.
14.08.2026 Çäk birleşmeler

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan söhbetli gepleşik.

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şan-şöhraty dünýä dolýar» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik ýazgy edildi. «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu gepleşige Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.

 

Gepleşigiň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler, gazanylan uly üstünlikler hem-de durmuş-ykdysady ösüşler barada buýsançly gürrüň etdiler. Tegelek stoluň başyndaky gyzykly hem-de täsirli söhbetdeşlik Watanymyzyň durnukly ösüşiniň we halkara abraýynyň barha berkeýändigini ýene-bir gezek aýdyň görkezdi.

 

Gepleşige gatnaşyjylar halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň kämil bilim almagy hem-de hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilip berilýän şertler hem-de döwrebap mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Mekan Şalarow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň tehniki gözegçisi.

Degişli Habarlar